Gulaklary ýaglaň! Bu Rap 'lar gelýä' haltaly, hip-hop 'da ýabany bar eli paltaly Islendik wagtym men tutup bilýän öz hype 'ymy Taryha täzeden gaýtaladym Olar oýnalyp ýörkäler şeýtanyň elinde men oýlanyp ýördim Durmyş hakynda, şul günkimden has süýji aş hakynda Şul günkimden has köp Cash hakynda Durman gidip barýan ýaş hakynda Akyp barýan suw hem aşagynda galýan daş hakynda Sen nämeler etjek öňiňdäki arzuwlaryň boş ýatanda? Hemme zat biziň pikirimizdäki ýaly aňsat däl Bul durmuşyň ýollary agsadýar Men flow 'lary gulagyňyza mugt satýan Bul dünýeden ýolup aljaklarym köp meniň pikirimde Men torbamy tobadan dolduryp goýdym her gün irdenki şükürimde Diňe Hudaýa diýýän çek elimden Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men Pikiriňi bozjaklar köp Seresap bol! Adamlaryň keşbine giren jynlardan doly bul ýerler Özlerine peýdasy bar bolsa seni satarlar ýa-da iýerler Bul biziň çagalykda oýnap öwrenşen oýnymyz däl Bul durmuşyň saýlamaly öwrümi kän, pikirlenip saýla dogrymy däl Diňe dişleneniňden soň işleýär beýniler, ýaşap ýörenler kän keýpine Kellesi boş, jübisi boş, özine däl üns berýär geýmine Geçmişde kim sen? Häzirde kim? Gelejekde ýene kim bolup biljek? Men öçmejek bir yz goýup biljek Artyk däl diňe Hudaýyň bereni bilen doýup biljek, oňup biljek Men dünýäni boluşy ýaly söýüp biljek Kakam maňa ogul bolup geldi Menem soň öz ogluma ogul bolup geljek Soň ýene täzeden öçmejek bir yz goýup biljek Hudaýyň öňünde dyz goýup biljek diňe Hemişe ýaş ýöne köne möjek men Men ýeňmek üçin çykýan meýdana Her äden ädimem öz peýdama Men her gün söweş açýan şeýtana (şeýtana) Meň garnym däl ýöne gözlerim dok bolsun hemişe Men taýýar täze ýörişe ýetmek üçin ýeňişe (eý) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (ha) Gezip ýörin (gezip ýörin) Şäheriň içinde gezip ýörin (gezip ýörin) Hamala bir gurt ýaly men (gurt ýaly men)