Kishore Kumar Hits

Iska Muslim - Taşlamak Ýok текст песни

Исполнитель: Iska Muslim

альбом: Taşlamak Ýok


Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (san)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän
Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (san)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän
Gereginden artyk gülkiler eýýäm öwrülip barýa ýalana
Özüni möjek saýýar gurdyň derisine geýinen şagalam
(Uh) Bul nämäň şagalaňy? Nämäň şanyna? (nämäň)
Süýji düýşleri görip bolansoň çagalar, bizi çagyryň! (yeah)
Bir gezek şatlanmak üçin 1000 gezek gamlan diýdiler
Ýykylmakdan gorkýan bolsaň galma diýdiler (galma)
Diýdiler, meň köçämde köp zat diýdiler
Biz galdyk ýene-de bul jeňňelde kimler satyldy gitdiler (ha-ha-ha)
Kim özine goýan bahasyna geçmän häzirem satlykda dur
Pul bilen ýüzine ur (yeah)
Ol tans oýnar (woah)
Men kakdym ýere külini
Içime salyp gülini
Közine seredip goýberdim demimi
Ol erkeklerden çykýan hereketlerden utanyp durs
Bul ertekilerden hakykatlary çykaryp durs
Bul ýerlere laýyk gelmeýän şagallary kowdyk jeňňelden
Bul life-yň derdi ýeňlesin diýip
Iýsem-hem doýmaryn hemmesini!
Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (yeah)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (woah)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän (woah)
Diňe meslik
Diňe tersilk
Biz 7 ölçäp 1 kesdik
Biz geçeris-gideris bul dünýäden ýöne galar ömürlik sesler
Olar edil ukydan doýmadyk esger ýaly durlar irkilip (irkilip)
Şemala garşy tüýkirip (woah)
Biz köp zat edip ýetişip bilýäs bul gysgajyk ömriň dowamynda
Ölüm uzakda däl ýöne biz doýmadyk dünýäň howasyndan
Wagty sarp edip boş ýere kim öküner ýaşynyň soňunda
Ikilenç bärik dogulmarys biz
Ýalňyşlaryňy dogurla!
Boljak bolsa bolar gider
Bolmajakmy ýollar ýiter
Göreniňden artyk başga näme isleýäň beter, hä? (aýt)
Sen söýgülim diýýäniňe diýýär kimler "bitch"
Öýünde terbiýe almadyk gyzlar baran ýerinde-de durmaz hiç (yeah)
Gowşaklar ýene göz ýumar, bir gezek uran soň ýene urar
Ne eýläk hem ne beýläk durmuş gurar (ha)
Meň ölümden öňürti arzuwyma ýetmek arzuwym bar
Elimiň ýetmedik ýerlerine ýetmek arzuwymda
Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (san)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän
Eger başlan bolsaň taşlamak ýok! (taşlamak ýok)
Taýýar dälmi? Başlamak ýok (başlamak ýok)
Ýaşaýaňmy? Ýaşa, ýaşyň ýönekeý san (san)
Puldan möhüm zat kän (kän)
Puldan möhüm zat kän

Поcмотреть все песни артиста

Другие альбомы исполнителя

745

2023 · сингл

Dem

2020 · сингл

Похожие исполнители

Jelil

Исполнитель