Ýöräli... Ýalñyşlarymam özime meñzeş olar gazaply Asmandaky aý ýaly menem Bir tarapym garañky Bir tarapym ýagty Şaýat ýanymdaky Öziñe ynanmak gerek Hiç kimiñ ynanmadyk wagty Çäresi ýok Belkide çäresi ýok sen döretmeseñ Gämisi ýok Arzuwlaryñ gämisi ýok sen ýöretmeseñ Ýetip bilerden has kyn Hyýallar kinodaky ýaly Çöregiñ minnetlisi awy Sen hiç bolmasañda razy (ýene) Ynanaý hiç kim söz bermedi bize ýeñil ýeñişleri Sen bileñok ukysyz gijelerimi Başa barmadyk netijeleri Ykbalyñ ýüzime gülmedigi Däl ertirem gülmejegi Däl hiçkimiñ söýmejegi Däl gadrymy bilmejegi Ýitirip tapana döner meni öñler salama ýagdaýy bolmadyk Ýöne ýanymda dostlarym barka bul ýollaryñ tikeni alada bolmady maña Gapana düşsede şir, ol henizem şir Sen işle ýadama işle hemme arzuwlaryña ýetmek üçin Damarlarda barka hereket Däli derýalara meñzeş Sönmek bolmaz bize Durmak bolmaz bize Käte säginsegem Goý ýalan diýsinler Goý maña örän ýaman diýsinler Ýöne ýetemde hemme arzuwlaryma Meni täzeden Söýerler täzeden Ýeñil dal, kynam däl, gysga däl, uzyn däl Arzuwlaryñ ýolundan çykmadyk ýene umyt kän Söygi däl, hasrat däl, gorky däl, mertlik däl Arkadan gelen dostlarmyñ badaklary ýykdy kän Ýerimden galypdym saga soluma bakypdym Üstümi kakypdym ýene bir ädim atypdym Ýumruklar çapykdy, hemme gapylar ýapykdy Her ädilen ädimler maña täze bir sapakdy Nämeler öwrendik biz bul ýerden? Ýene nämeler öwrenmek gerek we kimlerden? Wagtymyz känmi? Bilmedim! Men duýýan urup dur ýürek täzeden başlan ýaly Ganatlar uçmana taýyn 18 yaşan ýaly Beýnide pikirlerimiz gaýnap dur Damarlarda aýlap durs bul ganlary hem demler gaýtalanyp dur Ýürekler böküp dur bizem gorkyny bukup durs ýene Aýakda dik durs seret ine! Damarlarda barka hereket Däli derýalara meñzeş Sönmek bolmaz bize Durmak bolmaz bize Käte säginsegem Goý ýalan diýsinler Goý maña örän ýaman diýsinler Ýöne ýetemde hemme arzuwlaryma Meni täzeden Söýerler täzeden