Ýyllar alyp dur saglygy Ýöne ýyllar berýär adamlara köp sapaklar Ýadaýaňmy dost çapak çalyp? Hana, seret olara! Olar bizden has gowy bilýär Näme gerek bize durmuşdan Bir gün bar zat gowylaşar Ýöne edil şul wagt bulaşyk Eý, nämeler bolup dur şul wagt? Indi has gymmat zat nämekä bul adamlar üçin? Näme zat has wajyp indi? Näme zat has ajy? Ýalaňaç ýa-da ýalan suratlary paýlaşmak Bialaç bolup soňky günem günäň ýuwulmagyna garaşmakmy Alladan? Ýagşylyklar edilip dur ýöne pul üçin diňe Sadakalar berilip dur ýöne göz üçin diňe Seredip görsek gadyryny däl-de bahasyny bilmek has möhüm Niräk barýar bul ýaş nesil? Bilýän barmy? Niräk barýar bul ýaş nesil? Barymyz günäli! Estagfurallah ämin! Erkekler döndi uýatsyza Hana aşyk boldylar balaksyza Meslikden ýaňa gözler aç Ýetimler utanar has beter Hamala ýollar dogry ýaly ýörärler ýöne ýaş ýiter Ýyllar alyp dur saglygy Düýnki ýylgyryp duran ýüzler Bu gün göz ýaşlary bilen uklady Bul dünýäň oýuny üýtgedi Bir tarapdan ine ýaryp ýörler Bir tarapdan ine aşdylar Sygyryp dur oklaryň sesi Dünýäň reňkini çalyşdylar Bu gün deň ýarysy oýanmady düýnki uklanlaň Etmedi kömegini pul görmese Ol kasam eden lukmanlaň hany hiç kim gelmedı? Ol düýnki jennet ýok bu gün Ol düýnki doklar dok bu gün ýene-de Düýnkiden has sowuk bu gün Sagadyň iň gymmadyny dakynyp gezmek hiç kimiň wagtyny üýtgetmez Ýöne wagt ýaşlary üýtgetdi Şeýtan ýaşlara höküm etdi Uýalar bir erkegiň üstünde ýoluşarlar saçlaryny Namys gutaran bolsa nämeler başlandy Barymyz günäli! Estagfurallah ämin! Geň galmalyň bul durmuşa Ýöne bir gün bar zat gowylaşar Bul gün indi geň görilýär diňe hudaý diýip egilenler Bul gün bahasy has gymmat boldy ýarym ýalaňaç geýinenleň