Kishore Kumar Hits

Syke Däli - Hemmezat текст песни

Исполнитель: Syke Däli

альбом: Ýaşyl


Ýo
Sen meň üçin hemmezat
Ömür, dostluk, pul, tanyş
Hemmesi gelip-gidiji
Senden ýakyn maňa diňe meň ejem
Bölek-püçek wagtym meni bejerdiň sen
Içip bolan bolsa seni içerdim
Geçip bolan bolsa bagtymdan
Seň bagtyň üçin geçerdim
Saňa "öýdäki" diýmek maňa utanç
Durmuşda utulan
Ýöne saňa söýgimde utan men
Şonyma gutarmaz
"Öýdäki" däl sen
Ýürekdäki
Tolkuny agdaryp kürekläp men
Bolup gezişim gödegrägem
Näme pikir etseler-em etsinler
Gepleri eşdilmez maňa sesiňden
Aramyza hemmesi girse-de birgiden
Dünýa gutarsa-da söýgim egsilmez
Näme pikir etseler-em etsinler
Gepleri eşdilmez maňa sesiňden
Aramyza hemmesi girse-de birden
Söýgim egsilmez
Sen meň üçin hemmezat
Gaharda seresap
Oglumyza mysal
Aramyzda bir zat
Bar bolan söýgüden has aňsat
Bagtdan-am has uly
Gorkudan has uzak
Howadan has azat
Sen maňa has-am az
Hassalygymda hasam
Ýaralama ýarasaň
Ýokary çek meni dyzlarym ýadasa
Ýa çekseler aşak
Ellemiň aýasyn doldur özüň bilen, ömrümiň ýarysy
Geçdi ýöne saňa garaşyp beýleki ýarysyn
Seň bilen geçirjek barysyn
Pikirlem seň ýaly arassa
Ýüregiň umman bolsa
Meni kenara sal
Gidýänçäk beýleki tarapa
Iň ýakyn adamlar bilmesin bardygymyz barada
Çykamda aradan
Sorasa Ýaradan
Seň bilen tapyşmak bor ýeke aladam
Ömrümizi yzyna saradaryn
Näme pikir etseler-em etsinler
Gepleri eşdilmez maňa sesiňden
Aramyza girsede hemmesi birgiden
Dünýa gutarsa-da söýgim egsilmez
Näme pikir etseler-em etsinler
Gepleri eşdilmez maňa sesiňden
Aramyza hemmesi girse-de birgiden
Söýgim egsilmez

Поcмотреть все песни артиста

Другие альбомы исполнителя

Похожие исполнители

Jelil

Исполнитель